Amerikan tehnologiýa ägirdi “Google” Niderlandlaryň kenarýakasyndaky deňiz ýel energetika taslamalaryndan gaýtadan dikeldilýän elektrik energiýasy bilen üpjün etmek barada taryhda iň uly şertnamany baglaşdy. Bu barada kompaniýanyň resmi web saýtynda habar berilýär.
Bu ýerde gürrüň “Shell” energetika kompaniýasy bilen “Eneco” kompaniýasynyň bilelikdäki kärhanalary tarapyndan işlenip düzülen iki täze ýel elektrik stansiýalary bolan “Crosswind” we “Ecowende” konsorsiumlaryndan 478 MWt elektrik energiýasyny satyn almak barada barýar. “Google” üçin elektrik energiýasyny iki sany täze deňiz ýel elektrik stansiýasy “Hollandse Kust Noord” (HKN) Zone V” we “Hollandse Kust West (HKW) Site VI” öndürer. HKN 2023-nji ýylda ulanylyşa girizildi, HKW-ni bolsa 2026-njy ýyla çenli işe girizmek meýilleşdirilýär. Energiýa “Google”-yň Niderlandlardaky iki sany maglumat merkezini üpjün etmäge gönükdiriler.
Mundan başga-da “Google” Italiýada, Polşada we Belgiýada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri barada kiçi şertnamalary yglan etdi, ýöne gazanylan ylalaşyklar barada hiç hili maliýe maglumatlaryny mälim etmedi.