10-njy fewralda Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak işinden çekilýändigini mälim etdi. Indi mart aýynda wezipesinden gidýän Katalin Nowagyň ornuna ýurduň täze Prezidenti saýlanar. Bu barada dolandyryjy “FIDES – Wengriýanyň raýat bileleşigi” partiýasynyň parlament fraksiýasynyň lideri Mate Koçis habar berdi.
– Parlamentiň deputatlary 15 günüň içinde bu meseläni ara alyp maslahatlaşarlar. Olar 26-njy fewralda başlaýan ýazky mejlisiň ilkinji gününde bu mesele boýunça karar kabul ederler – diýip fraksiýanyň başlygy belledi.
Ýurtda hereket edýän kanunlara görä, Nowagyň işinden çekilmegini ýurduň parlament agzalary tarapyndan tassyklanmaly. Şondan soň bir aýyň dowamynda döwlet Baştutanyny saýlanar.
– Netijede, mart aýynda Wengriýanyň täze Prezidenti saýlanar – diýip Koçiş aýtdy.
Häzirki wagtda “FIDES – Wengriýanyň raýat bileleşigi” partiýasy we onuň kiçi ýaranlary Hristian-demokratlar parlamentdäki 199 ornuň 135-sini eýeleýär. Indi Premýer-ministr Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy partiýa prezidentlige dalaşgär hödürlemeli. Bu wezipe dalaşgär bolmak üçin parlament agzalarynyň, azyndan, 20%-iniň goldawynyna eýe bolamly we birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin sesleriň üçden iki bölegini almak zerur hasap edilýär.
Nowak Wengriýanyň taryhynda Prezidenti wezipesini eýelän ilkinji zenan bolup, 2022-nji ýylyň mart aýynda döwlet Baştutany wezipesine saýlanypdy.