Germaniýanyň çempionaty “Bundesligada” tapgyryň merkezi duşuşygynda sanawyň ýeňlişsiz lideri “Baýer” öz meýdançasynda “Bawariýany” 3-0 hasabynda ýeňdi. Umumylykda 31 oýundan bäri ýeňilmän gelýän we “Bawariýanyň” rekordyna golaýlan (1 oýun galdy) “Baýeriň” gollaryny 18-nji minutda Stanişiç, 50-nji minutda Grimaldo hem-de 90+5-nji minutda uzak aralykdan topy boş derwezä gönükdiren Frimpong geçirdi. “Baýer” soňky gezek geçen ýylyň maýynda utulypdy. “Borussiýa Dortmund” hem şol hasap bilen “Fraýburgy” ýeňmegi başardy. Gollaryň 2-sini Füllkruguň paslary bilen Malen hem-de Füllkruguň özi derwezä girizdi. 3-nji orunda barýan “Ştutgart” topary-da öz meýdançasynda “Maýnsy” 3-1 hasabynda ýeňdi.

Borussiýa D – Fraýburg: 3-0 (Malen 16, 45+7, Füllkrug 87),

Aýntraht – Bohum: 1-1 (Marmuş 14 – Broşinski 17),

Augsburg – Leipsig: 2-2 (Titz 35, Demirowiç 60 – Openda 39, Şeşko 52),

Borussiýa M – Darmştadt: 0-0,

Werder – Haýdenhaým: 1-2 (Şmid 19 – Melouni 12, Beste 18),

Union Berlin – Wolfsburg: 1-0 (Duhi 45+25),

Baýer – Bawariýa: 3-0 (Stanişiç 18, Grimaldo 50, Frimpong 90+5),

Ştutgart – Maýns: 3-1 (Mittelştadt 45+1, Laweling 45+3, Undaw 73 – Ažork 76),

Hoffenhaým – Köln: 1-1 (Kramariç 90+4 – Finkgrefe 79)