1. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär:
1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;
2) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlar;
3) harby gulluk ýa-da harby ýygnanyşyklar döwründe harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), harby gullukdan boşadylyp ätiýaçlykda bolan, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;
4) harby gullugy ýa-da harby ýygnanyşyklary geçen döwründe özleriniň harby gullugy geçmekleri bilen baglanyşykly maýyp bolanyň ýa-da ýaralanyp, synasyna şikes ýetip, seňse bolup kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşan (harby ýygnanyşyklar tamamlanan) gününden soň bir ýylyň dowamynda aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), harby gullukdan boşadylyp, ätiýaçlykda bolan, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;
5) borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar.
Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.
Harby-deňiz institutynda ýokary hünär biliminiň okuw möhleti 5 okuw ýyly.
2. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär biliminde okamaga isleg bildiren dalaşgärler ýaşaýan ýerleri boýunça ýerli harby wekilliginiň adyna 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly.
Dalaşgärleriň arzasynyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:
1) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň, oglunyň harby gullukçy bolmagyna we Türkmenistanyň islendik çäginde gulluk etmegine razylygy baradaky dil haty (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýlarynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan berlen maglumat haty);
2) Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy (eger-de dalaşgär raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada kepilnama);
3) Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň nusgasy;
4) bellenen nusgada doldurylan we harby wekillik ýa-da harby bölüm tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjimehal, hünärmen saýlawynyň kartasy;
5) harby şahadatnamasynyň nusgasy;
6) dogluş hakynda şahadatnamasynyň, nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamasynyň, eger-de nikasy bozulan bolsa, nika bozulandygy hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy;
7) lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça deri-wenerologik, inçekesel hassahanalaryndan hem-de neşekeşlik, arakhorlyk we ruhy keseliniň öňüni alyş merkezlerinden kepilnama);
8) iň soňky okan, işlän ýa-da gulluk eden ýerinden häsiýetnama;
9) maşgala ýagdaýy barada kepilnama;
10) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň iş ýerinden kepilnama (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar işlemeýän bolsalar, olaryň işlemeýändikleri barada degişli etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilliginiň adyna ýazan dil hatlary);
11) zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy;
12) bilim hakyndaky resminamasynyň (şahadatnamanyň, diplomyň) tassyklanan nusgasy;
13) harby wekillikde ýa-da harby bölümde geçirilen ilkinji synaglaryň bahalandyryş sanawnamasyndan göçürme;
14) harby wekilligiň ýa-da harby bölümiň synag toparynyň beýan ýazgysy;
15) özüniň we ýakyn garyndaşlarynyň (16 ýaşdan ululara) jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýa-da çekilmändigi hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden talapnama;
16) 1 sany 9х12 ölçegde, 4 sany 4х6 ölçegde, 10 sany 3х4 ölçegde harby wekillik hem-de harby bölüm tarapyndan tassyklanan fotosurat;
17) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň hem-de süýtdeş doganlarynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalarynyň nusgalary;
18) eger dalaşgäriň ýakyn garyndaşlarynyň aradan çykany bar bolsa, onda ölüm hakynda şahadatnamasynyň, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň nikasy bozulan bolsa nika bozulandygy hakynda şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy.
3. Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimini almaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary türkmen dilinde kabul edilýär.
4. Dalaşgärler giriş synaglarynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň synag toparynyň çözgüdine laýyklykda okuwa kabul edilýär.
5. Giriş synagyny tabşyryp, Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine okuwa kabul edilenler umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlary we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär hem-de olara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde we möçberde talyp haklary tölenýär.
Kabul ediş topary.
Esasy Bildirişler Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär okuwyna 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa...