12-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde “Eýran Deňiz Ykdysadyýeti” forumy öz işine başlady. Foruma “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Forumda Eýran tarapyndan ulag kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň we işewür taraplarynyň wekilleri gatnaşyp, çäräniň dowamynda demirgazyk-günorta geçelgesiniň, günbatar-gündogar geçelgelerinde sebitdäki ýurtlaryň arasynda halkara söwda we ulag gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çykyşlar edildi. Hususan-da, üç sany gatnaw ugry aýratyn bellenip geçildi:
Ýewropa – Russiýa – Azerbaýjan – Eýran – Hindistan;
Russiýa – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran – Hindistan;
Russiýa – Eýran – Hindistan ulag geçelgeleri.
Şeýle-de, forumyň çäklerinde Eýranyň Portlar we deňiz guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirilip, Türkmenistanyň deňiz port ulgamy, milli deňiz söwda floty hem-de gämigurluşyk mümkinçilikleri bilen giňişleýin tanyş edildi. Mundan beýläk hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Eýranyň demirgazyk (Enzeli, Amirabad, Nouşehir we beýlekiler) portlarynyň kuwwatlygy, dolanyşygy we beýleki daşary ýurt kompaniýalara ýeňillik bermek mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy.
Şeýle hem “Behineh Tarabar Azhour” kompaniýasynyň baş geňeşçisi M.B. Akdam bilen tegelek stoluň başynda aýratyn gepleşikler geçirildi. Kompaniýanyň wekili Hazar deňzinde konteýner daşama we Amirabad-Baku ugry boýunça ýük daşama hyzmatlary barada beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda ýakyn wagtda hyzmatdaşlygy ýola goýmak islegini bildirdi.
Türkmen wekiliýeti Amirabad portunda hem saparda bolarlar.
Çeşme: tca.gov.tm