5 – 9-njy fewral aralygynda Moskwada «Prodexpo-2024» atly azyk önümleriniň, içgileriň we olaryň önümçiligi üçin çig mallaryň 28-nji halkara sergisi geçirildi. Däp bolşy ýaly, bu ýyl hem öňdebaryjy türkmen öndürijileri sergä gatnaşdylar we öndürýän önümleriniň köp sanly görnüşlerini tanyşdyrdylar.
«Ak Ýol» we «Ýüpekçi» kompaniýalary «miwe şireleri, suwlar, alkogolsyz içgiler» ugry boýunça ýurdumyza wekilçilik etdiler. Serginiň myhmanlary Türkmenistanda öndürilen tebigy miwe şireleri, serginlediji içgiler we arassa mineral suwlar bilen tanyşdylar.
Konditer önümleri, garbanmak üçin tagamlar, hozlar, guradylan miweler we çörek önümleri boýunça pawilýonlara «Täze Aý», «Bars», «Akgar», «Altyn Ýunus» kompaniýalarynyň hem-de «Balam» konditer kärhanasynyň özüne çekiji önümleri bezeg berdi. Sergä gelenler Gündogaryň tagamly süýjüliklerini, hoşboý ysly çörek önümlerini, şeýle hem ýokary hilli hozlary we guradylan miweleri dadyp gördüler.
«Prodexpo» Russiýada we Gündogar Ýewropada iň iri azyk önümleriniň sergisidir. Ol dünýädäki iň iri azyk önümleriniň sergileriniň onlugyna girýär. Her ýyl oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe kompaniýa gatnaşýar.
Çeşme : tstb.gov.tm