-1.1 C
Aşgabat

Krossword №1


Krosswordyň soraglary

1. Ynha, şu
2. Haýal, ýuwaş, çala.
3. Çäge gatyşykly takyrlyk.
4. Ýer sürülýän zynjyrly traktor.
5. Top urlup oýnalýan ýasyja tagtajyk.
6. Ýoldan, ugruňdan sowa düşmek, terse gitmek.
7. Algysy bolan adam.
8. Ýenjip bolýan metal, gap-gaç ýasalýan element.
9. Bir zat hakynda habar beriji, beýan ediji, gürrüň beriji.
10. Matematikanyň bitin we drob sanlary, şeýle-de dört amaly - goşmagy, aýyrmagy, köpeltmegi hem-de bölmegi öwrenýän bölümi.
11. Ertekilerdäki hyýaly guş.
12. Materik
13. Hökmürowanlyk, hökümdarlyk.
14. Şäheriň ýerasty elektrik demir ýoly
15. Sport bilen meşgullanýan adam.
16. Kiçi ýaşly oglanjyklar we gyzjagazlar tarapyndan oýnalýan milli oýun.
17. Ýaýyň peýkamyny nyşana tarap goýbermek, gönükdirmek.
18. Mal saklanýan ýer.
19. Gopbamsy gadam urmak, ýöremek.
20. Örän arkaýyn.
21. Adamyň aň ýetiriş, pikirleniş ukyby.
22. Jyda bolmak, aýra düşmek.
23. Ýasy ýaprakly, hurmalaýan, ýaňy gögeren wagty gaýnadylyp iýilýän ot.
24. Temmi hökmünde salynýan pul tölegi
25. «Ýapmak» sözüniň antonimi.
26. Amerika degişli bolan.
27. Börügi saklaýan, alkyma dakylýan, ýüzi haşamly, gyzyl çaýylan kümüş şaý.
28. Awçy guşlary uçurmak, aw öwretmek üçin ýüzi gyzyl mataly ak keçe.
29. Para-peşgeş almagy gowy görýän, nebsewür.
30. Tygşytly, ýerlikli.