ABŞ-nyň Döwlet departamenti (Daşary işler ministrligi) Prezident Trampyň wezipä girişeninden bäri, bir ýyla golaý wagtyň dowamynda 100 müňden gowrak wizanyň ýatyrylandygyny mälim etdi. Olaryň 8 müňüsi okuw wizalarydyr. Ýatyrylan wizalaryň möçberiniň ozalky Prezident Jo Baýdeniň 4 ýyllyk wezipe möhletindäkiden iki esseden hem köpdügi bellenildi. Ministrlik ýatyrylan wizalaryň aglaba böleginiň möhleti dolan ýokary hünärli iş we syýahatçylyk maksatly wizalardygyny mälim etdi. Ministrligiň beýanatynda geçen ýylyň awgust aýynda Tramp administrasiýasynyň ABŞ wizasy bolan 55 million daşary ýurtlynyň ählisiniň ýagdaýynyň barlanýandygyny aýdandygy ýatladyldy.
PDF









