Mälim edilen çäklendirmeler 75 ýurduň raýatlaryna degişlidir. Bu ýerde gürrüň diňe immigrasiýa wizalary barada barýar; täze düzgünler syýahatçylyk, okuw we gysga möhletli iş wizalaryna täsir etmeýär.
Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resminamalaryna salgylanyp, «Fox News» telekanaly habar berdi, soňra bolsa Amerikan edarasynyň özi degişli beýanaty çap etdi.
Edarada bu kararyň diňe immigrasiýa wizalaryna degişlidigini aýratyn nygtadylar. Şoňa görä-de, bu karar syýahatçylyk, iş ýa-da okuw maksady bilen ABŞ-a çäkli möhletde gelmek isleýänlere täsir etmeýär. Çäklendirmeler girizilen ýurtlaryň arasynda Russiýa, Braziliýa, Eýran, Yrak, Tailand, Somali we beýleki döwletler bar.
Esasy Dünýä täzelikleri ABŞ 75 ýurduň raýatlaryna immigrasiýa wizalaryny bermegi wagtlaýynça togtatdy
PDF









