ABŞ-da çaga dogluşy barada täze maglumat ýaýradyldy. Maglumata görä, 2023-nji ýylda müň zenana 54,5 çaga düşendigi mälim edildi. Şeýlelikde çaga dogluşy bu barada maglumatlaryň hasaba alnyp başlan 1909-njy ýylyndan bäri iň pes derejä ýetipdir. ABŞ-nyň Milli statistikalar merkezi tarapyndan taýýarlanan maglumata görä, 2023-nji ýyldaky çaga dogluşy 2022-nji ýyldakydan 2 göterim azalyp, 3,6 million bolupdyr. Mundan ozal iň pes çaga dogluşy 1979-njy ýylda hasaba alnypdyr. Şol ýyl ýurtda 3,5 million bäbek dünýä inipdir.
Maglumatda ilkinji gezek ene bolmagyň ortaça ýaşy 27,5 bolupdyr. Bu görkezijiniň hem ozalkylardan ýokarydygy, ýagny amerikan zenanlarynyň ilkinji bäbegini eline alýan ýaşynyň ulalýandygy mälim edildi.