ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio ýurduň daşary ýurtlara kömek maksatnamasyny alyp barýan Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) işleriniň Daşary işler ministrligine geçirilendigini mälim etdi. Bu barada Döwlet sekretary X jemgyýetçilik torundaky akkaundynda habar berdi. Ol USAID-iň resmi ýagdaýda ýapylandygyny belledi. Rubio mundan soňra daşary kömek maksatnamalarynyň milli bähbitleriň göz öňünde tutulyp dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwarynda wezipesine girişen Prezident Donald Tramp daşary ýurtlara iberilýän kömekler barada kararnama gol çekipdi. Ýurduň Daşary işler ministrligi 27-nji sentýabrda Ministrlik we USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän ähli daşarky kömekleriň togtadylandygyny mälim edipdi.
Esasy Dünýä täzelikleri ABŞ-da daşary ýurtlary goýberilýän kömekler Daşary işler ministrligine geçirildi