Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli, ýurduň Zikgehanasy (U.S. Mint) tarapyndan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň şekili şekillendirilen 1 dollar nominalyndaky täze altyn şaýylyk zikgelenip başlar. Bu barada ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent özüniň «X» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi. Ýurduň maliýe edarasynyň ýolbaşçysy täze pul birliginiň azatlygyň ebedi mirasynyň hem-de watanperwerligiň sarsmaz nyşany hökmünde çykaryljagyny belledi. Ministriň sözlerine görä, bu şaýylyk amerikan gymmatlyklarynyň güýjüni hem-de ähli adamlar üçin erkinligi gorap saklamaga ygrarly bolan döwletiň ynamyny aňladýar.