38 ýaşly Igor Wowkowinskiý ABŞ-nyň Minnesota ştatynyň Roçester şäherindäki Maýo hassahanasynda ýürek ýetmezçiliginden aradan çykdy. Asly ukrainaly Wowkowinskiý 1989-njy ýylda Maýo hassahanasyna ýüz tutup gelýär. Onuň ösüş gormonynyň adaty bolmadyk bölünip çykmagy ABŞ-da iň uzyn adam bolmagyna sebäp bolýar. Onuň boýy 2 metr 34,5 sm bolup, saglygyny dikeldenden soň Roçester şäherinde galýar.

Igor Wowkowinskiý göwresiniň ululygy we boýunyň uzynlygy sebäpli tiz wagtda ABŞ-da meşhurlyga eýe bolup, “Doktor Oz” teleşowynda çykyş etmäge çagyrylýar. Ol öňki Prezident Barak Obamanyň 2009-njy ýyldaky saýlaw kampaniýasynda “Obamanyň dünýädäki iň uly goldawçysy” diýen futbolka geýipdi.