Hormatly okyjylar! 2025-nji ýylyň II ýarymy üçin “Zaman-Türkmenistan” gazetine abuna ýazylyşygy başlandy. Abuna ýazylmak üçin “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz. Siz hepdelik gazetimiziň sahypalarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüşler, dünýä habarlary, sport täzelikleri bilen tanşyp hem-de Ýer ýüzüniň şäherleri, tebigy gözellikleri barada okap bilersiňiz. Körpe okyjylarymyza niýetlenen sahypamyzda bolsa, olaryň okuwa, ylma bilime, sporta bolan höwesini artdyrjak gyzykly temalar, zehin sowallary, has kiçi ýaşdaky çagalaryň ýazmak ukybyny ösdürjek nokatlary birikdirmek, suraty reňklemek ýaly dürli şekiller, ünslüligini ýokarlandyrmagyna kömek etjek iki suratyň arasyndaky tapawudy tapmak ýaly şekiller ýerleşdirilen.