Ýurdumyzda çap edilýän islendik gazet-žurnaly diňe bir kagyz görnüşinde däl, eýsem el telefonlaryň, ýan kompýuterleriň üsti bilen okamak, gündelik täzelikler bilen gyzgyny bilen tanyşmak mümkin. Munuň özi döwür bilen aýakdaş barýan ýurdumyzyň neşirýat ulgamynda ýetilýän sepgitlere aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda çap edilýän beýleki gazet-žurnallar bilen bir hatarda “Zaman Türkmenistan” gazetiniň okyjylarynyň köpdügini aýratyn bellemek gerek. Bu gazetiň sahypalarynda, web saýtynda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýä ýüzüniň täzelikleri giňden beýan edilýär. Gazetiň habarlar, dünýä täzelikleri, sport, sungat, çagalar, edebiýat ýaly bölümlerinde gyzykly, manyly makalalary, täzelikleri okamak mümkin. Neşiriň web sahypasyndaky telekeçilik bölüminde söwda ulgamyndaky täzelikler bilen tanşyp bolýar. Zehin synagy bölüminde bolsa, onlaýn synaglary çözüp, öz bilimiňizi kämilleşdirmek mümkin. Şeýle hem gazetde peýdaly maslahatlar, çagalar üçin dürli oýunlar, krosswordlar, skanwordlar çap edilýär. “Zaman Türkmenistan” gazetini mobil goşundy arkaly her bir okyjy türkmen, rus we iňlis dillerinde okap bilýärler. Munuň özi her bir okyjynyň wagtyny gyzykly, mazmunly geçirmegine uly mümkinçilik berýär. Şu günler dowam edýän 2025-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin abuna ýazylşygyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň işgärleri, işjeň agzalary uly höwes bilen ýazylýarlar. Ähli watandaşlarymyzy “Zaman Türkmenistan” gazetiniň elektron we çap edilýän görnüşine abuna ýazylmaga çagyrýaryn. Gazetiň elektron we çap edilýän görnüşleri bilen wagtyňyz manyly, mazmunly gyzykly geçer.

Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.