Halkara energiýa agentliginiň taýýarlan maglumatyna görä, dünýäde energiýa bolan isleg geçen ýyl adatdakysyndan has ýokary bolupdyr. Ýylyň dowamynda elektrik energiýasynyň önümçiligi 1200 terawat/sagat ýokarlanypdyr. Bu döwürde elektrik energiýasynyň 32 göterimi gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden, 9 göterimi ýadro beketlerinden alnypdyr. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň uly bölegi Gün we ýel beketlerinden alnypdyr. Agzalýan döwürde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň möçberi ep-esli ýokarlanyp, önümçilik kuwwaty 700 gigawat bolan täze desgalar işe girizilipdir. Munuň 80 göterimine golaýy Gün beketlerinden alyndy. Ýylyň dowamynda önümçilik kuwwaty 7 gigawat bolan täze ýadro beketleri guruldy. Şeýle hem 9 sany täze bekediň gurluşygyna başlanandygy, olaryň umumy önümçilik kuwwatynyň 11 gigawat boljakdygy bellenilýär.
Ýewropa Bileleşigi we ABŞ-da bolsa, Günden we ýelden alynýan elektrik energiýasy ilkinji gezek kömürden we tebigy gazdan öňe geçdi. Energiýa üpjünçiligini arassa çeşmelerden almaga ummasyz maýa goýum gönükdirýän Hytaýda bolsa, Gün we ýel beketlerinden alnan elektrik energiýasy umumy önümçiligiň bäşden birini emele getirdi.
Bilermenler ABŞ we ÝB ýaly iri ykdysadyýetlerde gaýtadan dikeldilýän elektrik energiýasynyň kömürden öňe geçmeginiň bu ugurdaky esasy sepgitleriň biridigini belleýärler. Kömürden elektrik energiýasynyň öndürilişi, esasan, ösen ýurtlarda görnetin azalýandygy bellenilýär.
Bagtygül Rahimowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy,
Mergen Otuzow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.