1860-njy ýylyň 9-njy aprelinde fransuz neşirýatçysy, kitaphanaçy Eduard Leon Skott de Martenwil ilkinji gezek adam sesini ýazgy eden enjam bolan fonoawtografy oýlap tapýar. Oýlap tapyjy bu enjama patent almak üçin 1857-nji ýylyň 25-nji martynda ýüz tutýar. Enjam ses konusyndan we iňňe birikdirilen titreýän gatlakdan ybaratdy. Iňňäniň ujy gurum ýa-da kagyz bilen örtülen aýna silindriň üstüne degrilendi. Silindr el bilen aýlananda, konusyň içinden geçýän ses yrgyldysy gatlagyň titremegine sebäp bolup, yrgyldyny iňňä geçirip, tekizligiň üstünde yz galdyrýardy. Enjam ses yrgyldylaryny görkezýän hem bolsa, ony köpeldip bolmaýardy. Şondan soňky ýyllarda sesi ýazgy edýän has kämil enjamlar peýda boldy.