Germaniýada garrylaryň kömekçisi boljak «Garmi» atly robot işlenip taýýarlandy. Adamsypat roboty Mýunheniň tehniki uniwersitetiniň hünärmenleri işläp taýýarladylar. Enjamy işläp taýýarlanlaryň arasynda 78 ýaşly Gýunter Steýnbah hem bar. Maglumatlara görä, ýurtda ortaça ýaş ýylsaýyn artýar. Bu bolsa, garrylara seredýänlere zerurlygy artdyrýar. Şeýle bolansoň, garrylara seredýänleriň işini ýeňilleşdirjek çözgütler teklip edilýär. «Garmi» ýaly robotlar bolsa, öýde ýa-da garrylar öýünde nahar bermek, bulgura suw guýup bermek, kimdir birine wideojaň edip, gepleşmegini üpjün etmek ýaly işleri ýerine ýetirer. Häzirki wagtda «Garmi» laboratoriýa şertlerinde adamyň ýürek urşuny diňlemek işini ýerine ýetirip bilýär. Bilermenler 2030-njy ýyldan başlap, bu tehnologiýanyň täjirçilik maksatly görnüşiniň taýýar boljakdygyny belleýärler.
Miwe ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
PDF









