Ada­ty ýan­gyç­ly ulag­lar ga­da­gan edil­di

165

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ryn­da 2035-nji ýyl­dan baş­lap, ben­zin­li we di­zel ýan­gyç­ly tä­ze ulag­la­ryň sa­tyl­ma­gy ga­da­gan edil­di. Ýew­ro­pa Par­la­men­ti bu ba­ra­da­ky tek­li­bi gol­da­dy. Fran­si­ýa­nyň Stras­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýyg­na­gyn­da aw­tou­lag­la­ra we ýe­ňil tä­jir­çi­lik ulag­la­ry­na gi­ri­zil­jek tä­ze stan­dart­lar ba­ra­da­ky tek­lip hö­dür­len­di. Se­bit ýurt­la­ryn­da ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de taý­ýar­la­nan ka­nu­na 340 de­pu­tat oňyn, 279 de­pu­tat gar­şy ses ber­di. 21 de­pu­tat ses ber­mek­den sak­lan­dy.
Tä­ze ka­nun­da aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­r üçin hem stan­dart­lar göz öňün­de tu­tul­ýar. Şo­ňa gö­rä, aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­r 2035-nji ýy­la çen­li ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry 100 gö­te­rim azalt­ma­ly bo­lar­lar. Şon­dan soň­ra bi­le­le­şi­ge ag­za ýurt­lar­da ben­zin we di­zel ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýän aw­tou­lag­la­ryň sa­tu­wy ga­da­gan edi­ler.
Şeý­le hem ýük ulag­la­ry we aw­to­bus ýa­ly ulag se­riş­de­le­ri 2040-njy ýy­la çen­li ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry 90 gö­te­rim azalt­ma­ly bo­lar. Bu gör­ke­zi­ji 2030-njy ýy­la çen­li 45 gö­te­rim, 2035-nji ýy­la çen­li 65 gö­te­rim azal­dy­lar. Şä­her­ler­de he­re­ket ed­ýän aw­tou­lag­lar bol­sa, 2030-njy ýyl­dan baş­lap, nol emis­si­ýa­ly bo­lar.

Şöh­rat BÄ­ŞI­MOW,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.