Jibutiniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Mahamud Ali Ýusuf 16-njy fewralda Afrika Bileleşiginiň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 38-nji mejlisinde Afrika Bileleşigi toparynyň täze başlygy wezipesine saýlandy.
2025-2028-nji ýyllar üçin saýlanan Ýusuf, sekiz ýyl toparyň başlygy bolup işlän, Çadyň öňki Premýer-ministri Musa Faki Mahamatyň ýerine geler. Ol Keniýanyň öňki Premýer-ministri Raila Odingadan we Madagaskaryň öňki daşary işler ministri Riçard Randriamandratodan öňe saýlanmagy başardy.
Geçen ýylyň dekabr aýynda teleýaýlymda geçirilen çekişmede Yusuf Bileleşigiň parahatçylyk we howpsuzlyk geňeşini güýçlendirmek, Afrikanyň ätiýaçdaky güýçlerini işjeňleşdirmek, bileleşigiň durnukly maliýeleşdirilmegini üpjün etmek, Afrikanyň içerki söwdasyny ösdürmek we yklymdaky harytlaryň we adamlaryň erkin hereketini ýeňilleşdirmek barada öz ileri tutýan maksatlaryny beýan etdi.
-Afrikanyň halkara arenasyndaky orny meniň ileri tutýan ugurlarymyň biri bolar. Biziň görmek isleýän Afrikamyz parahatçylygyň, integrasiýanyň we abadançylygyň yklymyna öwrüler. Maňa topara başlyklyk etmäge mümkinçilik berilse, yklymymyzyň halkara arenasynda aýratyn orun eýelemegi üçin elimden gelenini ederin – diýip, Mahamud Ali Ýusuf belledi.