Angolanyň Prezidenti Žuan Lorensy 2025-nji ýylda Afrika Bileleşiginiň başlygy wezipesine bellendi. Başlyklygy kabul etmek dabarasy Efiopiýada guralan 38-nji Afrika Bileleşiginiň sammitiniň çäginde geçirildi. Bu sammite bileleşige agza döwletleriň we hökümetleriň Baştutanlarynyň, şeýle hem halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşandygy bellenilýär.
Maslahatda sosial-ykdysady ösüş, Afrika Bileleşiginiň institusional özgertmeleri we Afrikanyň dünýä arenasyndaky barha artýan orny ýaly birnäçe sebitleýin we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çärä BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hem gatnaşdy. Ol Afrikanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeler babatynda ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny we Afrika kontinental erkin söwda zolagynyň yklymyň ykdysady ösüşi üçin möhüm katalizatordygyny aýtdy.
Biz Afrika Bileleşigi – 2063 meýilnamasyny hem-de Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyla çenli döwür üçin meýilnamany durmuşa geçirmek üçin bilelikde işlemeli. Ösüşe itergi berip biljek esasy ugurlar arassa energiýa, azyk ulgamlarynyň özgerdilmegi we sanlylaşdyrmagy öz içine alýar – diýip Guterriş belledi.
Şeýle hem maslahatda Jibutiniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mahamud Ali Ýusuf Afrika Bileleşigi komissiýasynyň täze başlygy wezipesine saýlandy.