Okapi. Daşky görnüşi žirafa we zebra meňzeş bolan okapi tebigatda seýrek duş gelýän jandarlaryň biridir. Esasy ýaşaýan ýeri Merkezi Afrika bolan bu jandara «tokaý aty» hem diýilýär. Okapiniň aýaklarynda zebranyňky ýaly alabeder çyzyklar bar. Bedeniniň reňki, esasan, goňur bolup, seýrek ýagdaýda gara görnüşem duş gelýär. Göwresine seredeniňde žirafy ýadyňa salýan bu jandaryň pakgaryp duran ullakan gulaklary we uzyn dili bar. Okapiniň ýene bir aýratynlygy gözüniň ýokarsynda tümmerip duran şah ýaly ýumşak buýnuzydyr.
Esasy iýmiti ot we agaçlaryň ter ýapragy bolan okapiniň boýy 170 santimetre, agramy 200-250 kilograma ýetýär. Kömelekler hem-de miweler «tokaý atynyň» halaýan iýmitidir. Tebigy gurşawda diňe bir ýerde, ýagny Kongonyň çäginde duş gelýän bu jandar «Gyzyl kitaba» girizilendir.
Şoebil. Merkezi we Gündogar Afrikanyň (Sudan, Zambiýa) batgalyk ýerlerinde ýaşaýan we seýrek duş gelýän guşlaryň biri hem «patyşanyň gerony» lakamy bilen tanalýan şoebildir. Sekiz barmakly, uzyndan inçe aýakly şoebiliň ujy gaňyrçakly ullakan çüňki mör-möjekleri, balyklary aňsatlyk bilen tutmagyna ýardam edýär. Gögümtil-çal ýelekleri bolan bu guşuň ýeňsesinde hüžžerip duran perleri bar. Şoebiliň ganatlary dikligine ýokary göterilmegine, güýçli basyşda bökmegine hem-de iýmiti göterip uçmagyna ýardam edýär. Bu guş suwuň içinde gamyşdyr papirus çöplerinden «ýüzýän» şekilde höwürtgesini gurýar. Şeýtmek bilen olar «öýüni» daşky howpdan goraýarlar. Şoebiller goralyp saklanýan guşlaryň biridir.
Pilburun gemriji. Samoli adasynda ýaşaýan pilburun gemriji göräýmäge syçana meňzeýär. Afrikada bu gemrijileriň seýrek ýagdaýda duş gelýän 20 töweregi görnüşi ýaşaýar. Sagatda 30 kilometre golaý tizlikde ylgap bilýän bu kiçijik süýdemdirijiniň esasy aýratynlygy piliň holtumyna meňzeş uzyn burnunyň bolmagydyr.
Tokaýlarda we çemenliklerde ýaşaýan bu gemrijiniň uzyn burny çukurlarda gizlenen mör-möjekleri tutup iýmäge mümkinçilik berýär. Pilburun gemrijiniň bökmek üçin oňaýly yzky aýaklary, kiçijik gulagy, uzyn guýrugy we uly gözi bar. Bedeniniň esasy bölegi garamtyl-goňur, burnundan boýnuna çenli gyzylymtyl örtügi bolan bu süýdemdirijileriň sütüginiň reňki ýaşaýan ýerine görä üýtgäp bilýär.