Safarileriň we sawannalaryň mekany bolan Afrika yklymy syýahatçylarda we tebigaty söýüjilerde iň köp gyzyklanma döredýän ýerleriň biridir. Gurak we yssy howasy bilen tanalýan bu yklymda janly-jandarlaryň, esasan hem, äpet süýdemdirijileriň we ýyrtyjylaryň birnäçe görnüşi ýaşaýar. Afrika yklymynda 9 çöl, 10 dag, 55 derýa we 150-den gowrak köl bar. Özboluşly tebigaty bolan Afrika yklymynda 54 ýurt ýerleşýär. Bu ýurtlaryň köpüsi çöllük ýerde ýerleşýän bolsa, käbiri dag gerişleriniň depesinde seleňläp görünýär. Şeýle ýurtlaryň biri hem Lesota Patyşalygydyr.
1820-nji ýylda patyşalyk hökmünde döredilen Lesota 1966-njy ýylda garaşsyzlygyna eýe bolýar. Tebigy gözellikleri we täsin medeniýeti bilen tanalýan Lesota dünýäniň iň kiçi konstitusion monarhiýa döwletleriniň biridir. Deňze çykalgasy bolmadyk bu ýurduň tutýan meýdanynyň esasy bölegini dag gerişleri we baýyrlyklar emele getirýär. Lesota Afrikada «dag şalygy» ady bilen tanalýar. Sebäbi ýurduň üçden iki bölegini daglar emele getirýär. Günorta Afrikanyň merkezindäki bu ýurda, başgaça «Asman Patyşalygy» hem diýilýär. Lesota 2 müň 876 metr belentlikde ýerleşýän garaşsyz döwlet bolup, iň pes nokady 1400 metre, ortaça beýikligi 2000 metre ýetýär. «Asman Patyşalygy» Drakensberg bilen Maloti dag gerişleriniň arasynda ýerleşýän dünýäniň iň kiçi ýurtlarynyň biridir. 30 müň 355 inedördül kilometr meýdany tutýan Lesota 1966-njy ýyldan öň Basutoland ady bilen tanalýardy. Ýurduň baýdagyndaky gök, ak we ýaşyl zolaklaryň aýratyn manysy bar. Gök reňk asman we ýagyş, ak reňk parahatçylyk, ýaşyl reňk bolsa abadançylyk diýen manylary aňladýar. Baýdagyň merkezinde «mokorotlo» diýlip atlandyrylýan şlýapa bar. Lesotanyň iki sany resmi dili bolup, olar sesoto we iňlis dilleridir.
Lesotanyň gündogaryndaky Sani geçelgesi Günorta Afrikadaky Underberg jülgesi bilen Lesotadaky Mokhotlong daglaryny birleşdirýän ýeke-täk serhet bolup, ýurda diňe şu geçelgeden ulagly ýa-da pyýada baryp bolýar. 1950-nji ýyllarda gurlan, 1544 metr belentlikden 2 müň 876 metr belentlige galýan, uzynlygy 9 kilometre barabar Sani geçelgesi dünýäniň iň howply dag ýollarynyň biri hasaplanýar. Lesota dünýäniň iň howply uçuş-gonuş zolaklarynyň biri bolan Matekane howa menzili arkaly hem baryp bolýar. 600 metr belentlikdäki bu howa menzili gaýanyň gyrasyndan bary-ýogy 400 metre uzalyp gidýär. 2 million ilaty bolan bu ýurda her ýyl 1 milliondan gowrak syýahatçy barýar. Lesotanyň ilatynyň esasy bölegi entegem gowak jaýlarda ýaşaýarlar.
Lesotada ekerançylyk ýerleri çäkli bolup, ilatyň esasy käri maldarçylyk we dag-magdan işleri hasaplanýar. Ýurduň esasy girdeji çeşmesi «ak altyn» diýlip atlandyrylýan içimlik suwundan gelýär. Lesotada beýikligi 185 metre ýetýän Afrikanyň iň uly bent diwary bar. Suwy tygşytly ulanmak maksady bilen gurlan bu bent Günorta Afrikanyň köp bölegini suw bilen üpjün edýär. Lesota Afrikanyň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň biri bolup, gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň arasynda göwher öňdäki orny eýeleýär. Lesota dünýäde göwher känleri bilen tanalýar. 2018-nji ýylda Lesotadan agramy 910 karatlyk dünýäniň iň uly göwherleriniň biri tapyldy.
Lesotada 339 dürli guş, 60 dürli süýdemdiriji ýaşaýar. Lesotanyň milli jandary bolan gara kerk, gara laçyn, gök durna, ak ganatly dazzarkel, ak guýrukly syçan, sary balyk ýitip gitmek howpy abanýan jandarlar hasaplanýar. Daglyk ýurtda gülleriň we otjumak ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşi ösýär. Aýlawly aloe (aloe polyphylla) Lesotanyň milli güli bolup, Maluti daglarynda bitýän endemik ösümlik hasaplanýar.
Lesota ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen ýerleriň biridir. Ýurduň Sehlathebe milli seýilgähi esasy syýahatçylyk merkezleriniň biri hasaplanýar. Lesotada Niagara şaglawugyndan dört esse beýikden, ýagny 192 metr ýokardan guýýan Malesunýane şarlawugy bar. Malesunýane şarlawugy we onuň töweregindäki jülgeler ýurduň täsin gözelligini emele getirýär. Göräýmäge Afrikada lyžada typmak mümkin däl ýaly görünýär. Emma Lesotada 3 müň 222 metr belentlikde Maluti daglarynda lyža meýdançasy bar. 2017-nji ýylda Lesotadan iň uly dinozawrlaryň aýak yzlary tapyldy. Dinozawryň «kayentapus ambrokholohali» görnüşine degişli bolan aýak yzlarynyň ululygy 57 santimetre barabar. Maglumatlara görä, dinozawryň bu görnüşiniň boýy 2,7 metre, uzynlygy 9 metre ýetipdir. Lesota barýan syýahatçylaryň dag tebigatyna gezelenç etmek bilen bir hatarda, dinozawryň aýak yzlarynyň ýanynda, Malesunýane şarlawugynyň töwereginde ýadygärlik surata düşýärler.