Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti gün-gün­den gi­ňel­ýär, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar. Mu­nuň özi sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan asyl­ly iş­le­ri­niň Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.
Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi bi­len bi­le­lik­de bel­le­nil­ýän Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni ag­zy­bir­li­gi we je­bis­li­gi pug­ta­lan­dyr­mak­da, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeň or­naş­dyr­mak­da, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di. Oňa ta­lyp ýaş­lar, dür­li pu­dak­la­ryň iş­gär­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Be­den­ter­bi­ýe-sport, sag­dyn dur­muş we me­de­ni mak­sat­ly ge­çi­ril­ýän çä­re­ler jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeň or­naş­dyr­mak­da, ösüp gel­ýän ýaş nes­li sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mek­de, ra­ýat­la­ry­my­zyň be­den sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de, ada­myň öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy döw­le­ti­mi­ziň baş baý­ly­gy­dyr. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň mak­sa­dy hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr. Hä­zir­ki wagt­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe we Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň, spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne, bu ug­ra ila­tyň, esa­san-da, ýaş­la­ryň iş­jeň çe­kil­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Hal­ky­my­zyň, şol san­da ýaş nes­liň sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ber­kit­mek Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge ze­rur üns be­ril­ýär. Aý­ra­tyn-da, spor­tuň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa gör­nü­şi ha­sap­lan­ýan we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­riň gu­ral­ma­gy äh­mi­ýet­li­dir. Be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­mak ýaş­lar­da şah­sy hä­si­ýe­tiň dö­re­me­gi­ni, tu­tan­ýer­li­li­gi, er­ki, zäh­met­sö­ýer­li­gi, bi­rek-bi­re­ge bo­lan oňyn gat­na­şyk­la­ry, dur­muş iş­jeň­li­gi­ni ös­dür­ýär. Bu bol­sa jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi­niň baş şer­ti­ni eme­le ge­tir­ýär.

Ser­dar GO­ŞA­ÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.