31-nji okt­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li bir­nä­çe me­se­le­le­re se­re­dil­di.
Mej­lis­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da we we­la­ýat­lar­da möw­süm­le­ýin iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy hem-de äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­na we Ha­syl to­ýu­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da bug­daý eki­şi möw­sü­mi do­wam ed­ýär. Bug­daý eki­len meý­dan­lar­da gö­ge­riş su­wu­ny tut­mak we mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak, ýyg­nal­ýan ha­sy­ly har­man­ha­na­lar­da ka­bul et­mek, pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Türk­me­nis­tan­da 2026-njy ýyl­da bag ek­mek ha­kyn­da” Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek, to­kaý zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek we eki­len bag na­hal­la­ry­na ta­la­ba­la­ýyk ideg et­mek, şeý­le hem Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, şu ýy­lyň no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de hem-de we­la­ýat­lar­da äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­ny ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
Ýur­du­myz­da her ýy­lyň no­ýabr aýy­nyň ikin­ji ýek­şen­be­sin­de be­re­ket­li türk­men top­ra­gy­nyň sa­ha­wa­ty­nyň şa­ny­na Ha­syl to­ýy giň­den bel­le­nil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 8-nji no­ýabr­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de hem-de we­la­ýat­lar­da baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li çä­re­ler gö­rül­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­mek, bug­daý eki­şi­ni ge­çir­mek, pag­ta ýy­gy­my­nyň dep­gi­ni­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­na, Ha­syl to­ýy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne go­wy taý­ýar­lyk gör­me­gi hem-de ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.