Ýewropanyň uçar öndüriji kompaniýasy bolan “Airbus” ýylyň üç aýynda 306 uçaryň täze eýelerine gowşurylandygyny mälim etdi. Geçen ýylyň degişli döwründe kompaniýa 323 uçary müşderilere ýetiripdir. Dünýäniň uçar önümçiliginde öňdebaryjy kompaniýasyna ýylyň alty aýynda 402 uçar sargyt edilipdir. Geçen aý kompaniýa 63 uçar öndüripdir.
Amerikan uçar öndürijisi “Boeing” bolsa, iýun aýynda 116 uçar sargyt alypdyr. Ýylyň alty aýynda bu görkeziji 625 uçar bolupdyr.