Niderlandlaryň merkezinde ýerleşýän Alsmer şäheri «suwuň üstündäki gül obasy» hökmünde tanalýar. Alsmer dürli görnüşli güllere beslenen dünýäniň romantik ýerleriniň biridir. Paýtagt Amsterdamdan 13 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýän Alsmer şäheri irki döwürlerde gurak howaly ekerançylyk merkezi bolupdyr. Ýerasty baýlyklaryň gazylyp alynmagy netijesinde şäherde birnäçe köl emele gelip, wagtyň geçmegi bilen howa şerti üýtgäpdir. Agaç nahallarynyň köpçülikleýin ekilip, baglyk meýdanlaryň köpelmegi bilen gülçülik meýdanlary hem peýda bolup başlaýar. Öňler Alsmeriň ýaşaýjylarynyň käri balykçylyk bolan bolsa, häzirki wagtda esasy işi gülçülik hasaplanýar. Esasan hem, bu şäher 1850-nji ýyllarda gül ösdürip ýetişdirmegi bilen bütin dünýäde tanalýar. XX asyryň başlarynda Alsmer «dünýäniň güller paýtagty» hökmünde ykrar edilýär. Şu ýerde belläp geçsek, Kolumbiýa «dünýäniň güller ýurdy» hasaplanýar. Häzirki wagtda Alsmer şäherinde gülleriň 1 müň 200-den gowrak görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.
Niderlandlaryň «köl etraby» diýlip hem atlandyrylýan Alsmer şäherinde gül meýdanlary, gül ýyladyşhanalary bilen bir hatarda, «Westeinderplassen» suw güýmenjeleri meýdançasy hem ýerleşýär. Gülleriň şäherine dynç almaga barýanlar kärendesine gaýyk alyp, suwda dynç almak, suwda typmak ýaly güýmenjeler bilen meşgullanyp bilerler. Alsmer şäherinde her ýylyň baharynda geçirilýän gül festiwaly gülleriň hoşboý ysy we älemgoşar reňkleri bilen görenleri haýran galdyrýar. Güller baýramçylygynda «Pramenrace» ýaryşy hem geçirilýär. Güller bilen bezelen gaýyklarda ýüzmek arkaly geçirilýän bu ýaryşa her topar birmeňzeş egin-eşikde gatnaşýar. Gülküli we şadyýan ýagdaýda geçirilýän ýaryşyň dowamynda oýna gatnaşyjylar dürli şertleri ýerine ýetirmeli bolýarlar.
«Royal Flora Holland» atly auksion meýdançasy şäherde baryp görmeli ýerleriň biri hasaplanýar. Dünýädäki iň uly gül bazary bolan auksion meýdançasynda myhmanlara müňlerçe görnüşli gül hödürlenýär. Dörtburç sebetlere ýerleşdirilen gyrkylan güller ilki arabalara ýüklenýär. Soňra kiçiräk traktorlar yzly-yzyna tirkelen gülli arabalary çekip, myhmanlaryň öňünden hatar gurap geçýärler. Bu ýer gülüň iň gyzgalaňly söwda merkezleriniň biri hasaplanýar. 1910-njy ýyllarda peýda bolan «Royal Flora Holland» auksion bazary 200 futbol meýdançasynyň ululygyna, ýagny 775 müň inedördül metre barabar bolup, her ýyl 1,7 milliarddan gowrak gül satylýar. Auksionda dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 2 müň 600-e golaý adam işleýär. Auksionda her gün 43 million gül, müňlerçe ösümlik görnüşi satylýar. Çigildem, hrizantema we liliýa iň geçginli güller hasaplanýar. Auksion meýdançasynyň ululygy sebäpli gülleriň binanyň o çetinden bu çetine gelmegi üçin 45 minut gerek bolýar. Alyjylara we syýahatçylara auksion binasyny aýlanyp görmek üçin kärendesine welosiped berilýär. Binada gülleri ter saklamak üçin çyglandyrma we howalandyrma işlerinde tehnologiýanyň ösen häzirki zaman görnüşlerinden peýdalanylýar. Umuman alanyňda, Alsmer şäheri fransuz tagamlaryny, golland güllerini we gülli meýdanlarda gezelenç etmegi halaýanlar üçin syýahat etmek maslahat berilýän özüne çekiji ýerleriň biridir.