Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 25-nji tapgyrda çempion belli boldy. Soňky 6 ýylyň çempiony “Altyn asyr” myhmançylykda “Köpetdagdan” 3–0 hasabynda utup, yzly-yzyna 7-nji çempionlygyny gazandy. “Altyn asyra” ýeňiş hem-de çempionlyk getiren gollary 42-nji minutda Selim Ataýew, 54-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew hem-de 71-nji minutda Mihail Titow derwezä girizdi. Şeýlelikde, “Altyn asyr” topary möwsümiň tamamlanmagyna 5 tapgyr galanda, “Ahaldan” 15 utuk saýlanyp, yzly-yzyna 7-nji çempionlygyny gazandy. “Altyn asyr” topary ilkinji çempionlygyny 2014-nji ýylda gazanyp, şondan bäri şol derejesini saklap gelýär.
25-nji tapgyryň beýleki oýunlarynda “Şagadam” öz meýdançasynda “Ahaldan” 4–0 üstün çykdy. 1-nji ýarymda 2 oýunçysy gyzyl kart (Ilýa Tamurkin 31, Gurban Annaýew 45+2) “Ahalyň” derwezesinden ýeňiş gollaryny Merdan Gurbanow (19), Aşyrgeldi Saryýew (68) Hydyr Ataýew (80) hem-de Yhlas Magtymow (82) geçirdi. “Aşgabat” bilen “Merwiň” arasyndaky duşuşykda hasap açylmady. Şeýle-de aşaky orunlarda barýan 2 toparyň arasyndaky oýunda “Nebitçi” myhmançylykda “Energetik” toparyny 5-1 hasabynda ýeňdi. 2 goluny penaltiden geçiren “Nebitçiniň” adyndan Serdaraly Ataýew (33), Azat Garajaýew (45+1 p), Seýitmämmet Hojamämmedow (45+2), Kerim Hojaberdiýew (49 p) hem-de Alibek Abyrahmanow derwezä girizdi. 21-nji minutda meýdançada bir oýunçy kem galan “Energetik” toparynyň ýeke-täk pökgüsini 74-nji minutda Kemal Mämmedow tora saldy.
Futbol çempionatymyzdaky nobatdaky duşuşyklar 17-nji noýabrda 17-nji tapgyryň galdyrylan 2 duşuşygy bilen dowam eder (“Energetik”–“Aşgabat”, “Ahal”–“Merw”).