Kino sungatynda baýrak gowşurylyş möwsüminiň esasy baýraklarynyň biri bolan, Oskaryň buşlukçysy hasaplanýan “Altyn globusyň” ýeňijileri mälim edildi. “Hollywood”-daky daşary ýurtly žurnalistler guramasynyň guramaçylygyndaky baýraklaryň 83-nji gowşurylyş dabarasy hemişekiler ýaly Kaliforniýadaky “The Beverly Hilton” myhmanhanasynda geçirildi.

Nikki Gleýzeriň alyp baran dabarasynda drama görnüşde iň gowy film baýragyna “Hamnet” kinosy laýyk görüldi. Iňlis dramaturgy William Şekspiriň şahsy durmuşy baradaky bu filme Oskaryň eýesi, hytaýly zenan Hloýa Çžao režissýorlyk edýär. Bu ekran eseri iňlis dilinde bolmadyk 3 filmden (“Duýguçyllygyň gymmaty”, “Syrly jansyz”, “Ýönekeý bir tötänlik”) hem-de “Frankenşteýn” we “Günäkärler” kinolarynda öňe saýlandy.

Iň gowy mýuzikl ýa-da komediýa görnüş film ugry boýunça bolsa “Uruş üstüne uruş” filme “Altyn globus” baýragynyň eýesi boldy. Bu kino hem iňlis dilinde bolmadyk 2 (“Başga alaç ýok”, “Täze akym”), şol sanda “Bugoniýa”, “Mawy Aý”, “Ussat Marti” ýaly kinolary yzda galdyrdy. Filmiň edebi esasyny ýazyp, surata düşüren Pol Tomas Anderson iň gowy režissýor hem-de iň gowy ssenariý baýraklaryna laýyk görüldi.

Iň gowy aktýor ugry boýunça drama filmleri üçin brazil kinosy “Syrly jansyz” filminiň ýyldyzy Wagner Moura “Altyn globusyň” ýeňijisi boldy. Bu film iňlis dilinde bolmadyk iň gowy daşary ýurt kinosy diýlip hem saýlandy. Kleber Mendonsa Filionyň režissýorlyk eden bu kinosy birnäçe güýçli dalaşgärlerden tapawutlanmagy başardy. Mýuzkl ýa-da komediýa filmleriniň iň gowy aktýory baýragyna “Ussat Marti” kinosynyň ýyldyzy Timoti Şalame laýyk görüldi.

Iň gowy aktrisa baýraklaryna drama filmleri üçin “Hamnet” kinosynyň ýyldyzy Jessi Bakli, mýuzikl ýa-da komediýa filmleri üçinem “Eger aýaklarym bolsady, men seni deperdim” kinosyndaky keşbi bilen Rouz Börn baýraga mynasyp boldy.

Ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragyna “Duýguçyllygyň gymmaty” filmindäki keşbi üçin şwesiýaly artist Stellan Skarsgard, ikinji plandaky iň gowy aktrisa baýragyna-da “Uruş üstüne uruş” filmindäki keşbi üçin Teýana Teýlor laýyk görüldi.

Şeýle-de, iň gowy animasiýa diýlip, “Netflix”-iň önümi bolan “K-Pop şeýtan awçylary” multfilmi saýlandy. Animasiýadaky “Golden” atly aýdym iň gowy aýdym baýragyna mynasyp boldy.

Braýan Krugleriň surata düşüren “Günäkärler” filminiň sazlarynyň awtory Ludwig Goransson iň gowy saz baýragy bilen sylaglandy. Şol bir wagtyň özünde bu film “Altyn globusyň” çäginde 3-nji gezek gowşurylýan Kinematografik we prokatdaky üstünlik baýragyna-da laýyk görüldi.

Seriallaryň arasynda-da iň gowy drama serialy diýlip, “HBO Max”-yň önümi bolan “Pitt hassahanasy”, iň gowy mýuzikl ýa-da komediýa serialy diýlip hem “Apple TV”-niň ekran eseri “Studiýa” serialy saýlandy.

Iki serialyň hem baş keşplerini janlandyrýan artistler degişlilikde, Noa Waýl bilen Set Rojen iň gowy aktýor baýraklaryna laýyk görüldi. Iň gowy aktrisa diýlen ugurda drama seriallary boýunça Rea Sihorn (“Pluribus”), mýuzikl ýa-da komediýa seriallary boýunça Jin Smart (“Hilegärler”, Hacks) “Altyn globusa” laýyk görüldi.

“Netflix”-iň “Ýetginjeklik” serialy-da iň gowy gysga göwrümli, antologiýa serialy ýa-da telefilm baýragynyň ýeňijisi boldy. Serialda surata düşen Stefen Grem gysga göwrümli seriallaryň iň gowy aktýory, Owen Kuper gysga göwrümli seriallaryň ikinji plandaky iň gowy aktýory, Erin Doerti bolsa gysga göwrümli seriallaryň ikinji plandaky iň gowy aktrisasy diýlip saýlandy.

 

Film ugurlary boýunça “Altyn globusyň” ýeňijileri:

Iň gowy film (drama): “Hamnet” (Hamnet)

Iň gowy film (mýuzikl ýa-da komediýa): “Uruş üstüne uruş” (One Battle After Another)

Iň gowy aktýor (drama): Wagner Moura – “Syrly jansyz” (O Agente Secreto)

Iň gowy aktrisa (drama): Jessi Bakli – “Hamnet” (Hamnet)

Iň gowy aktýor (mýuzikl ýa-da komediýa): Timoti Şalame – “Ussat Marti” (Marty Supreme)

Iň gowy aktrisa (mýuzikl ýa-da komediýa): Rouz Börn – “Eger aýaklarym bolsady, men seni deperdim” (If I Had Legs I’d Kick You)

Ikinji plandaky iň gowy aktýor: Stellan Skarsard – “Duýguçyllygyň gymmaty” (Affeksjonsverdi)

Ikinji plandaky iň gowy aktrisa: Teýana Teýlor – “Uruş üstüne uruş” (One Battle After Another)

Iň gowy režissýor: Pol Tomas Anderson – “Uruş üstüne uruş” (One Battle After Another)

Iň gowy ssenariý: Pol Tomas Anderson – “Uruş üstüne uruş” (One Battle After Another)

Iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film:  “Syrly jansyz” (O Agente Secreto) – Braziliýa

Iň gowy animasiýa: “K-Pop şeýtan awçylary” (KPop Demon Hunters)

Iň gowy saz: “Günäkärler” (Sinners) – Ludwig Goransson

Kinematografik we prokatdaky üstünlik baýragy: “Günäkärler” (Sinners)

Iň gow aýdym: “Golden” – “K-Pop şeýtan awçylary” (KPop Demon Hunters)