Iňlis futbolynyň dünýä belli ýyldyzlaryndan, “Liwerpulyň” meşhur futbolçysy Kewin Kigan 75 ýaşynda aradan çykdy. Ol şu ýylyň başlarynda düwnük keseline uçrapdy.

1951-nji ýylyň 14-nji fewralynda Donkaster şäherinde dünýä inen Kewin Kigan 1968-nji ýylda “Skantorp Ýunaýted” toparynda futbola başlaýar. 3 möwsümden soň 1971-nji ýylda “Liwerpula” transfer bolan hüjüme golaý ýarymgoragçy bu klubda 1977-nji ýyla çenli çykyş edýär. “Liwerpulda” 6 möwsümde 3 gezek Angliýanyň çempionlygyny gazanýar. Ilki 2 gezek UEFA Kubogyny (1973, 1976), soňra 1 sapar Çempionlar Ligasynyň (1977) ýeňijisi bolan Kigan “Liwerpulda” 323 oýunda 100 gol geçirýär.

1977-nji ýylda “Hamburgyň” düzümine goşulyp, “Bundesliganyň” çempionlygyny gazanýar, Çempionlar Ligasynda finala çykýar. Soňra “Southempton”, “Nýukasl” hem-de “Bristol Siti” klublarynda oýnap, 1985-nji ýylda 17 ýyllyk karýerasyny tamamlaýar. 1978-nji we 1979-njy ýyllarda “Altyn top” baýragyny gazanan Kewin Kigan klublarda 744 duşuşykda 254 gol geçirýär.

Angliýanyň milli ýygyndysynda 63 duşuşykda 23 gol salan (1972-1982) Kigan “Nýukasl” (1992-97, 2008), “Fulham” (1997-99) hem-de “Mançester Siti” klublaryna tälim berýär.

Angliýanyň milli ýygyndysyny hem türgenleşdiren Kigan “Nýukasla” 2-nji ligada, “Fulhama” 3-nji ligada hem-de “Mançester Sitä” 2-nji ligada çempionlyk gazandyrýar.