Argentinada Marselo Peroneniň ýolbaşçylygyndaky Immunoendokrinologiýa, süýji keseli we metabolizm barlaghanasynyň (IIMT, CONICET-AUSTRAL) alymlary insulin öndürmek üçin jogapkär bolan aşgazanasty mäziň öýjükleriniň – beta-öýjükleriniň mümkin bolan zeperlenmelere garşy has durnukly bolup biljekdigini anykladylar.
Geçirilen barlagyň dowamynda beta-öýjükleriniň kadaly stres ýagdaýlaryny ulanyp, uýgunlaşmaga we geljekde insulin ýetmezçiligine sebäp bolup biljek hüjümlere garşy durmaga ukyplydygy ýüze çykaryldy. Bu açyş süýji keselini bejermegiň täze usullarynyň işlenip düzülmegine ýardam berip biler.
-Häzirki wagtda köp sanly barlag geçirijiler insulin öndürýän öýjükleriň işiniň bozulmagyna sebäp bolýan mehanizmler işläp başlanda, olarda nähili üýtgeşmeleriň bolýandygyny öwrenýärler. Beta-öýjükleriniň durnuklylygyny ýokarlandyrýan öýjük içindäki proseslere gatnaşýan molekulalar baradaky jikme-jik düşünje, metabolik keselleriň öňüni almaga ýa-da olary bejermäge kömek eder – diýip, Marselo Perone belledi.
Alymlar sowuklama dörediji sitokin – interleýkin-1 beta (IL-1β) maddasynyň örän az mukdarynyň öýjükleriň uýgunlaşma prosesini işledip, beta-öýjüklerini berkidýändigini ýüze çykardylar. Emma bu maddanyň mukdary köp bolanda, ol tersine, beta-öýjükleriniň işiniň bozulmagyna ýa-da ölmegine sebäp bolup, keseliň ýüze çykmagyna getirip bilýär.