Amazokanyň iň uzyn agajynyň üstünden baryldy

96

Alymlar Amazonka tokaýlaryndaky iň uzyn agajyň üstünden bardylar. Agajyň boýy 25 gatly jaýyňka barabar. Braziliýanyň demirgazygyndaky Iratapuru derýasy tebigy goraghanasynda ösüp oturan agaç 2019-njy ýylda sebitiň 3D kartasy döredilýän wagty emeli hemra arkaly alnan suratlarda tapylypdy. Tebigaty öwrenijiler üç ýyldan bäri bu ösümligi tapmagyň aladasyny edýärdiler. Bilermenler iki hepde ýol ýöränlerinden soňra 88,5 metrlik agajy tapdylar. Alymlardan, tebigaty öwrenijilerden we ýolbeletlerden ybarat toparyň 2019-njy ýyldaky synanyşygy netijesiz tamamlanypdy. Şeýle-de bolsa, Amapa we Para ştatlarynyň aralygyndaky Gari jülgesine edilen ilkinji syýahatyň dowamynda birnäçe beýleki uzyn agaçlaryň üstünden barlypdy. Olaryň arasynda 66 metrlik Braziliýa hozy hem bar. Bu agaç häzire çenli hasaba alnan iň uzyn Braziliýa hozy boldy.

Emma latynça ady “Dinizia Excelsa” bolan esasy gözlenýän agaç geçen aý edilen syýahatyň dowamynda tapyldy. Bu syýahatça topar gaýyk bilen 250 kilometr, dagda we tokaýda 20 kilometrden gowrak ýol geçdiler. Şeýlelikde olar häzire çenli adam aýagy sekmedik ýerlere bardylar. Hünärmenler topary agajy çuňňur öwrenmek maksady bilen birnäçe nusgalyk aldylar. Agajyň 400-600 ýaşyndadygy çaklanylýar.

Jeren Muhammedowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy