Amerikaly meşhur aktýor, režissýor hem-de prodýuser, şol bir wagtyň özünde-de aktiwist Robert Redford 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Redford 1936-njy ýylyň 18-nji awgustynda Kaliforniýanyň Santa Monika şäherinde dünýä inýär. 1960-njy ýylda kino sungatyna aralaşan aktýor 50-den gowrak filmde ululy-kiçili keşpleri ýerine ýetirýär. 9 filme režissýorlyk eden Redford 1985-nji ýylda “Adaty adamlar” filmi bilen iň gowy režissýor ugry boýunça Oskar baýragyna mynasyp bolýar. “Iňňe” filmindäki keşbi bilen iň gowy aktýor, şeýle-de “Telewiktorina” filmi bilen iň gowy režissýor ugurlaryndan Oskara dalaşgär görkezilýär.

Aktýoryň Butç Kessidi we Sandens Kid” (Butch Cassidy and the Sundance Kid, 1969), “Beýik Getsbi” (The Great Gatsby, 1974), “Kondoryň 3 güni” (Three Days of the Condor, 1975), “Prezidentiň ähli adamlary” (All the President’s Men, 1976), “Tebigy” (The Natural, 1984), “Meniň Afrikam” (Out of Africa, 1985), “Jansyzyň oýny” (Spy Game, 2001), “Ýitirýän zady ýok” (All is Lost, 2013), “Hakykat” (Truth, 2015) ýaly filmlerde surata düşüp, “Adaty adamlar” (Ordinary People, 1980), “Akyp gidýän derýa” (A River Runs Through It, 1992), “Telewiktorina” (Quiz Show, 1994), “Guzular üçin ýolbarslar” (Lions for Lambs, 2007) ýaly filmlerde hem keşp janlandyrdy, hem-de olara režissýorlyk etdi.

Western, jansyz görnüşli filmler bilen adygan aktýor ençeme filme prodýuserlik hem edýär. Redford 1978-nji ýylda Ýutada häzirki wagtda Garaşsyz filmleriň iň uly festiwaly hasaplanýan Sandens film festiwalyny esaslandyrýar. BAFTA, Altyn globus, Aktýorlar, Režissýor gildiýalarynyň baýraklyny gazanan Redforda 2002-nji ýylda Oskaryň hormat sylagy gowşurylýar.