Ilkinji gezek 50 ýyl mundan ozal geçirilen iň uly niderland deňiz festiwaly “Sail Amsterdam” 10 ýyllyk arakesmeden soň 24-nji awgustda ýene-de açyldy.

Nordze kanalynda resmi taýdan başlan ýelkenli gämi ýörüşiniň öňüni “Stad Amsterdam”  gämisi çekdi.  Ýörüşiň hormatyna salýut atyldy we olaryň üstünden Korollyk howa güýçleriniň uçarlary uçup geçdi.

Bu ýylky festiwal flotunyň düzümine dünýäniň dürli künjeklerinden gelen dürli ölçeglerdäki nusgawy gämiler girdi. 24-nji awgusta çenli dowam etjek bäş günlük festiwala 800-den gowrak gämi we 2 million töweregi myhman gatnaşýar.

Medeni çykyşlar, harby-deňiz görkezişleri, bilim sergileri, gämili we ýelkenli gezelençler ýaly gury ýerde we suwda 200-den gowrak çäre guralýar.

1975-nji ýylda Amsterdamyň esaslandyrylmagynyň 700 ýyllygynyň şanyna döredilen “Sail Amsterdam” festiwaly her bäş ýylda bir gezek geçirilýär. 2020-nji ýyldaky çäre bolsa, COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýatyrylypdy.