Angliýada meşhur suratkeş Rafael Santiniň galamyna degişli diýlip çaklanylýan «Mariýa Magdalena» atly surat eseri tapyldy. Alymlar infragyzyl barlaglar we himiki seljermeler arkaly eseriň asyl nusgadygyny, Florensiýadaky meňzeş suratyň bolsa onuň göçürmesi bolup biljekdigini subut etdiler. Arhiw resminamalaryna görä, bu gymmatly tapyndy Urbino gersoglaryna degişli bolup, ençeme wagtlap başga bir suratkeşiňki diýlip ýalňyş hasaplanypdyr. Eger bu açyş doly tassyklansa, Galkynyş döwrüniň sungat taryhynda uly öwrülişik bolar.