Angliýanyň Patyşasy Karl III-iň suraty ýerleşdirilen 5, 10, 20 we 50 funt sternlinglik banknotlaryň çap edilýändigi we 2024-nji ýylyň ortalarynda dolanyşyga goýberiljekdigi mälim edildi. Angliýanyň Merkezi banky (BoE) täze banknotlaryň suratlaryny ýaýratdy. Bankyň ýaýradan beýanatynda banknotlaryň dizaýnynyň ahyrky ýagdaýynyň taýýar bolandygy we çap edilýändigi bellenilýär.
Täze banknotlar bilen bir hatarda häzir dolanyşykda bolan ýurduň ozalky şa zenany Ýelizaweta II-niň şekili ýerleşdirilen banknotlaryň hem dolanyşykda galjakdygy, ýagny iki banknotyň birwagtda töleg serişdesi hökmünde ulanyljakdygy mälim edildi.
Bu üýtgeşikligiň daşky gurşawa hem-de maliýä täsirini azaltmak maksady bilen, täze banknotlar diňe Ýelizaweta II şekili ýerleşdirilen könelişen banknotlaryň öwezini bolmak üçin dolanyşyga goýberiljekdigi bellenildi.
Mähri Hudaýberdiýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









