27-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy guraldy.
Gül goýmak dabarasyna halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, meşhur edebiýatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle hem Ankara şäherinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew öz çykyşynda beýik türkmen şahyry we akyldarynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň ösmegindäki aýratyn ornuny belledi. Şeýle hem, Ilçi gatnaşyjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň özygtyýarly döwletde türkmen halkynyň erkin we bagtly durmuşy baradaky arzuwlary şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistan Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasatyň netijesinde hakykata öwrüldi.