Az býujetli filmleriň baýragy bolan Garaşsyz ruh baýraklarynyň (Independent Spirit Awards) ýeňijileri mälim edildi. 40-njy Garaşsyz ruh baýraklarynda iň gowy film “Anora” (Anora) kinosy, ony surata düşüren Şon Beýker bolsa iň gowy režissýor diýlip saýlandy. Filmde baş keşbi janlandyran Maýki Medison iň gowy baş keşbi ýerine ýetiriji baýragyna laýyk görüldi. “Hakyky jepa” (A Real Pain) filmindäki keşbi üçinem Kiran Kalkin iň gowy kömekçi keşp baýragyny eýeledi. Bu filmiň edebi esasyny ýazan Jessi Aýzenberg iň gowy ssenari baýragy bilen sylaglandy. “Meniň köne joram” (My Old Ass) filmindäki keşbi üçinem Meýzi Stella iň gowy ösüş görkezen ýerine ýetiriliş baýragy berildi. Ýaş režissýor Şon Wan “Didi” atly kinosy üçin iň gowy film hem-de iň gowy ilkinji ssenari baýraklaryna mynasyp boldy. Ýuwal Abraham bilen Bazel Adranyň bilelikde surata düşüren “Başga ýer ýok” (No Other Land) atly ekran eseriň iň gowy dokumental film baýragyna, Latwiýanyň önümi bolan “Akym” (Straume) atly animasiýa iň gowy halkara film baýragyna laýyk görüldi.