Antalýada dünýä liderlerini we ýokary derejeli hökümet resmilerini bir ýere jemleýän 5-nji Diplomatik forum (ADF2026) öz işine başlady. Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilýän “ADF2026” forumynyň şu ýylky esasy temasy “Geljegi kemala getirmekde näbellilikleri dolandyrmak” diýlip bellenildi. Ilkinji gezek 2021-nji ýylda guralan bu abraýly çärä 20-den gowrak döwlet we hökümet Baştutanynyň, 15-e golaý wise-prezidentiň we wise-premýeriň, 50-den gowrak ministriň (olaryň 40-dan gowragy daşary işler ministrleri), şeýle hem halkara guramalarynyň 75 wekili bolan jemi 460-dan gowrak ýokary derejeli myhman gatnaşýar. Mundan başga-da, foruma akademiki toparlaryň we talyplaryň wekillerini goşmak bilen, jemi 5 müňe golaý myhman gatnaşýar.
Forumyň gatnaşyjylarynyň düzümi hem örän giňdir: döwlet Baştutanlary derejesindäki myhmanlaryň, takmynan, ýarysy Afrika we Ýewropa ýurtlaryna wekilçilik edýär. Daşary işler ministrleriniň bolsa 40 göterimi Afrikadan, 35 göterimi Ýewropadan we 22 göterimi Aziýadan gelen resmilerdir. ADF2026-nyň çäginde liderleriň gatnaşmagynda panel çekişmeleri hem bolan 40-dan gowrak çäre we sessiýa meýilleşdirildi. Bu sessiýalarda ählumumy ulgamdaky barha çuňlaşýan näbellilikler, transformasira tapgyrlary, sebitleýin wakalar, şeýle hem syýasy, ykdysady, ekologik we tehnologik ugurlarda kemala gelýän esasy meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşylar.
Forumyň ähli çärelerini ADF-iň resmi saýtynda we jemgyýetçilik ulgamlaryndaky hasaplaryndan hakyk wagt režiminde yzarlap bolar. Şeýle hem, sessiýalaryň uly bölegi TRT telekanaly tarapyndan göni ýaýlymda görkeziler. Forumyň çäginde Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň Balkan parahatçylyk platformasynyň ministrleriniň 3-nji duşuşygyna, Gaza boýunça sekizinji duşuşyga, Türk döwletleriniň guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrler geňeşiniň resmi däl mejlisine, şeýle hem Türkiýe-Pakistan-Saud Arabystany-Müsür duşuşygyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
PDF









