• Ping­win­ler maş­ga­la­sy­na (Sphe­niscidae) de­giş­li bo­lan ala­be­der de­ňiz gu­şy uçup bil­me­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ýü­züp hem-de su­wa çü­müp bil­ýän­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
  • Adam­la­ryň kö­pü­si ping­win­ler An­tark­ti­da­da ýa­şa­ýar di­ýip pi­kir et­se­ler hem, bu gu­şuň Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da, Af­ri­ka­da, Awst­ra­li­ýa­da we Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da mes­gen tu­tan gör­nüş­le­ri hem bar.
  • 2006-njy ýyl­da ga­ýa ping­wi­ni iki aý­ry gör­nüş hök­mün­de yk­rar edi­len­den soň­ra, ping­win­le­riň umu­my gör­nü­şi 18-e ýe­t­di.
  • Ping­win­le­riň iň ulu­sy im­pe­ra­tor ping­wini (Ap­te­no­dy­tes fors­te­ri) bo­lup, bo­ýy 1 metr­den we ag­ra­my 35 ki­log­ram­dan geç­ýär. Kük­re­gi sa­rym­tyl bol­an im­pe­ra­tor ping­win­leri An­tark­ti­da­nyň agyr ho­wa şert­le­rin­de ýa­şa­ýar.
  • Ping­wi­niň iň ki­çi gör­nü­şi­niň ulu­ly­gy ana­nas ýa­ly­dyr. Ag­ra­my 1,5 ki­log­ra­ma ýet­me­ýän ki­çi­jik ping­wi­niň bo­ýy 30-33 san­ti­metr tö­we­re­gi bol­ýar. Awst­ra­li­ýa­da we Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da duş gel­ýän bu guş­la­ryň iň ki­çi­si­ne ki­çi ping­win (Eu­dyp­tu­la mi­nor) di­ýil­ýär.
  • Ping­win­ler adam­la­ryň ýa­ny­na go­laý­laş­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, gor­kup gaç­ma­ýar­lar. Gaý­tam geň gö­rüp ýa­ny­na bar­ýar­lar. Mu­nuň se­bä­bi bol­sa, ha­ýal ýö­re­ýän­di­gi we öz­le­rin­den baş­ga jan­ly-jan­da­ry gör­me­ýän­di­gi bi­len dü­şün­di­ril­ýär.
  • Adat­ça, ping­wi­niň ho­ra­zy ýu­murt­ga­la­ra ideg ed­ýär, mä­ki­ýan ping­win bol­sa aw aw­la­mak üçin deňziň çuňluklaryna gid­ýär.
  • Ping­wi­niň ho­ra­zy mä­ki­ýa­ny­na ki­çi­räk daş bö­lek­le­ri­ni sow­gat ed­ýär. Bu daş­lar bo­lsa hö­würt­ge ýa­sa­mak üçin ula­nyl­ýar.
  • Ping­win­ler jüý­je­si­ni «ça­ga tor­ba­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ýy­ly tüý ör­tü­gi­niň aşa­gyn­da sak­la­ýar­lar. Şeý­le­l­ik­de, ki­çi­jik ping­win­ler 38 de­re­je gyz­gyn­lyk­da­ky bu ýer­de üşe­män ulal­ýar­lar.
  • Ping­win­ler ga­na­ty­nyň kö­me­gi bi­len su­wuň düý­bün­de sa­gat­da 10-30 ki­lo­metr tiz­lik­de ýü­züp bil­ýär­ler. Im­pe­ra­tor ping­win­ler deň­ziň 500 met­re çen­li düýbüne, beý­le­ki gör­nüş­ler bol­sa, su­wuň 60 met­re çen­li çuň­lu­gy­na çü­müp bil­ýär­ler.
  • Ping­win­ler to­par bo­lup ýa­şa­ýan şa­dy­ýan jan­dar­lar­dyr. Bir to­par­da ýüz­den on müň­ler­çe guş bol­ýar. To­par­da ýö­ri­te go­rag­çy ping­win­ler bo­lup, mä­ki­ýan­la­ry­ny, ki­çi­jik ping­win­le­ri beý­le­ki ping­win­ler­den we ýyr­ty­jy­lar­dan go­ra­ýar­lar.
  • Dün­ýä­de 40 mil­li­on­dan gow­rak ping­win bo­lup, iň uly ping­win sü­rü­si An­tark­ti­da­nyň aşa­gyn­da­ky ada­lar­da (Snou Hill, Gü­nor­ta Jor­ji­ýa) ýa­şa­ýar.