Liýa Gutierres Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça sebit bölüminiň baş müdiri wezipesine bellendi.

Gutierres AÖB-nyň Owganystan, Ermenistan, Azerbaýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we Türkiýe ýaly 11 ýurt bilen hyzmatdaşlygyna gözegçilik eder.

Liýa Gutýerres Filippinleriň raýaty bolup, ABŞ-nyň Pensilwaniýa uniwersitetinde ykdysadyýet boýunça magistr we doktor derejesini aldy. Liýa Gutierresiň 40 ýyldan gowrak hünär tejribesi bolup, 25 ýyl Aziýa Ösüş Bankynda işledi. Häzirki wezipesine bellenmezinden öň, maliýe pudagyna, adam kapitalynyň ösüşine we jemgyýetçilik sferasyna, döwlet dolandyryşyna we dolandyryş netijeliligine gözegçilik edýän Üçünji pudak bölüminiň baş müdiri wezipesini ýerine ýetirdi. Ondan öň bankyň Ýuwaş umman sebiti boýunça bölümine-de ýolbaşçylyk edipdi. Mundan başga-da, Guterres AÖB-nyň strategiýasy, syýasaty we hyzmatdaşlygy bölüminde, Günorta-Gündogar Aziýa sebit bölüminde we Bankyň sekretariatynda ýokary wezipelerde işledi.

AÖB 1966-njy ýylda esaslandyryldy, onuň ştab-kwartirasy Filippinleriň Manila şäherinde ýerleşýär. Bankyň düzümine 69 agza ýurt girip, olaryň 50-si Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde. Türkmenistan bilen AÖB-niň hyzmatdaşlygy ulag, energetika, hususy pudagy goldamak we maýa goýum hyzmatdaşlygy ugurlaryny öz içine alýar.