NASA-nyň alymlary soňky onýyllyklarda öz meýdanynyň ýarysyndan gowragyny ýitiren “A23a” aýsbergiň ýakyn günlerde doly ýitip biljekdigini belleýärler. Emeli hemralardan alnan maglumatlara görä, buz böleginiň ýüzünde erän suwlardan dörän uly kölleriň peýda bolmagy, onuň gurluşynyň gowşandygyny görkezýär.
“Bu alamatlar “A23a” aýsberginiň bary-ýogy birnäçe günden ýa-da hepdeden doly böleklere bölünip biljekdigini görkezýär. Tutuş iş ömrüni ony synlamaga sarp eden alymlar üçin bu örän gynançly, emma ähmiýetli pursatdyr” diýlip, NASA-nyň habarynda bellenilýär.
4170 inedördül kilometr meýdany bolan “A23a” aýsbergi 1986-njy ýylda Filhner buzlugyndan bölünip aýrylypdy. Ol soňky onýyllyklarda kem-kemden kiçeldi – 2025-nji ýylyň dekabryna çenli ilkinji meýdanynyň 67 göterimini ýitirdi we “iň uly aýsberg” adyny “D15a” aýsbergine berdi. Häzirki wagtda “A23a” Günorta Atlantikde, Günorta Amerikanyň günorta-gündogaryna tarap süýşüp barýar.
30 ýyldan gowrak wagtlap saý ýerde galan aýsberg, 2023-nji ýylyň noýabrynda täzeden hereket edip başlady. 2024-nji ýylyň baharynda ol Antarktika ýarym adasynyň boýy bilen Skoşa deňzine tarap ugrady. “A23a”-nyň ýitip gitmegi planetanyň iň uly buz massiwlerini öwrenýän hünärmenler üçin möhüm waka bolar.
PDF









