Moto GP boýunça möwsümiň 11-nji ýaryşy Ispaniýanyň Aragon zolagynda geçirildi. 5,1 kilometrlik “Aragon” trassasynda geçirilen 23 aýlawlyk ýaryşda 1-nji ýeri “Petronas Yamaha” toparynyň italiýaly sürüjisi Franko Morbidelli eýelemegi başardy. 2-nji hatardan bat alan sürüji pellehana 41 minut 47,652 sekuntda gelip, möwsümdäki hem-de karýerasyndaky 2-nji ýeňşini gazandy. Ondan 2,2 sekunt yza galan “Suzuki Ecstar” toparynyň ispan sürüjisi Aleks Rins 2-nji orna mynasyp boldy. Ýeňijiden 5,376 sekunt soň pellehanadan geçen “Suzuki Ecstar” toparynyň başga bir ispan sürüjisi Žoan Mir münberiň 3-nji basgançagyna çykdy.
Bu ýaryşdan soň, 137 utukly Žoan Miriň liderligi dowam edýär. Fransiýaly Fabio Kuartararo 123 utuk bilen 2-nji, 118 utuk toplan ispaniýaly Mawerik Winýales 3-nji ýeri eýeleýär. Italiýaly Franko Morbidelli bilen Andrea Dowizioso degişlilikde 112 we 109 utuk bilen 4-5-nji orunlary paýlaşýarlar. Möwsümiň 12-nji bäsleşigi 8-nji noýabrda Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde geçiriler.