Saud Arabystanynyň milli nebit kompaniýasy “Aramco” Hytaýda nebiti gaýtadan işleýän hem-de nebithimiýa zawodyny gurar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin “Norinco” we “Panjin” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ediler. Taslamany durmuşa geçirmek üçin dörediljek bilelikdäki kompaniýanyň 30 göterimi “Aramco”, 51 göterimi “Norinco” we 19 göterimi “Panjin” kompaniýasyna degişli bolar.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwaty gündelik 300 müň barrel nebiti gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer. Şeýle hem nebithimiýa zawodynda 1,65 million tonna etilen we 2 million tonna paraksilen öndüriler.
Taslamany durmuşa geçirmek üçin degişli rugsatnamalar alnandan soňra gurluşygyň şu ýylyň dowamynda başlanmagyna hem-de 2026-njy ýylda işe girizilmegine garaşylýar.
Hytaý Saud Arabystanynda köp mukdarda nebit satyn alýar.
Şirli Mämiýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.