“Aramco” Koreýa Respublikasynda täze zawod gurar

55

Sa­ud Ara­bys­ta­nyň “Aramco” kom­pa­ni­ýa­sy 7 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýu­my öz­leş­di­rip, Gü­nor­ta Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da her ýyl­da 3,2 mil­li­on ton­na ne­bit­hi­mi­ýa ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bo­lan dün­ýä­niň iň uly za­wo­dy­ny gur­mak üçin tas­la­ma taý­ýar­lar. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa Ko­re­ýa­da­ky iň uly ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çi­rer. Tä­ze tas­la­ma Sa­ud kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li bo­lan “S-OIL” şe­re­ke­ti­niň Ul­san şä­he­rin­dä­ki des­ga­sy­nyň ýa­nyn­da gur­lar. Bu ýer­de gym­mat ba­ha­ly po­li­mer­ler hem ön­dü­ri­ler. Dün­ýä­niň çig ne­bit önüm­çi­li­gin­den öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “Aramco” ne­bit­hi­mi­ýa önüm­çi­li­gin­dä­ki gir­de­ji­si­ni hem art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Tas­la­ma­nyň 2023-nji ýyl­da baş­lan­ma­gy­na we 2026-njy ýyl­da ta­mam­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Jem­şit Ta­lib­ža­now,

Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by