Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan çalt depginlerde ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Döwrebap tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär. Medeni-durmuş maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşygynda uly işler bitirilýär. Döwlet Baştutanymyz ilatyň ýokary hilli arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi ugrunda wajyp wezipeleri öňde goýýar. Il-gün bähbitli şol wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy halkymyzyň arassa agyz suwy bilen has doly üpjünçiligine mümkinçilik açýar.
Golaýda ýurdumyzyň welaýatlarynda ulanmaga berlen agyz suw we häzirki zaman lagym arassalaýjy desgalaryň ulanmaga berilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýakymly wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň Şükür bagşy obasynda kuwwaty bir gije-gündizde 10 müň kub metr lagym suwuny arassalamaga mümkinçilik berýän desga, Gyzylarbat etrabynyň merkezinde her gije-gündizde Garagum derýasyndan alynýan suwuň 30 müň kub metrini arassalap, 60 müňe barabar ilaty bolan Gyzylarbat şäherindäki hojalyklara paýlaýan täze desga, Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäherinde her gije-gündizde 20 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desga bir günde ulanmaga berildi. Täze desgalaryň ählisiniň gurluşyklarynyň ýerli hususy kärhanalar tarapyndan ýerine ýetirilendigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi hususy pudagyň wekilleriniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşýandyklaryny görkezýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleriň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýäniň önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan döwrebap suw desgalarynyň yzygiderli ulanmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan beýik işleriň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Muhammet KARLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.