Howanyň hapalanmagy we howa goýberilýän zyýanly gazlar global maýylganlygy sebäp bolýar. Bu bolsa tebigata gönüden-göni zyýan ýetirýär. Munuň öňüni almak üçin senagatda, logistikada we beýleki adam bilen bagly hereketlerde has arassa usullardan peýdalanylmagyna zerurlyk duýulýar. Dünýä ýurtlarynyň köpüsi 2050-nji ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlaryň dolulygyna aradan aýyrmagy maksat edinýär. “BloombergNEF” şereketiniň maglumatyna görä, elektroulag we has az gaz çykarýan energiýa öndürýän desgalar (gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň önümçiligi) geljekde has köp maýa goýumy özüne çekýän ugurlar bolar. Marketing şereketiniň geçiren barlagynda 2050-nji ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlaryň dolulygyna aradan aýrylyp bilinjekdigi we howanyň maýlamagyny 1,77 dereje bilen çäklendirip boljakdygyny ýüze çykaryldy. Bu ýagdaýa ykdysady babatda baha bermek üçin taýýarlanan maglumatda bu maksada ýetmek üçin jemi 200 trillion dollarlyk maýa goýumyň goýulmalydygy bellenilýär. Arassa energiýa çeşmeleri üçin 2021-nji ýylda 2 trillion dollar sarp edilipdir. Bilermenler ykdysady geçiş üçin bu görkezijiniň ýyllyk 4 trillion dollara ýetirilmelidigini belleýärler. Dolulygyna “nol emissiýa” üçin bolsa ýyllyk 7 trillion dollar maýa goýumyň özleşdirilmelidigi bellenilýär. Munuň üçin bolsa, käbir metallara bolan isleg görnetin ýokarlanar. Mysal üçin 2050-nji ýyla çenli litiý elementine bolan isleg 2020-nji ýyldakydan 17,5 esse köp bolar. “BloombergNEF”-iň global ykdysadyýet boýunça ýolbaşçysy maglumatyň esasy awtory Dawid Hostert 2030-njy ýyla çenli arassa energiýa çeşmelerine maýa goýumlaryň dört esse artmalydygyny belleýär. Hünärmeniň bellemegine görä bu maksada ýetmek üçin wodorod ýangyjyndan hem has köp peýdalanylmaly bolar.
Jemal Sapargulyýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
PDF









