Kompýuter we planşet önümçiligi bilen meşgullanýan «Acer» kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän welosiped öndürdi. Ýönekeý dizaýny bilen tapawutlanýan «ebii» atly iki tigirli ulag emeli aň tehnologiýasy bilen üpjün edilipdir. Agramy 16 kilogram bolan ulaga degişli maglumatlary smartfon arkaly görüp bolýar. Sagatda 32 kilometr tizlik bilen hereket edýän welosiped bir gezekki zarýady bilen 110 kilometr ýol geçýär. Ulagyň batareýasyna 2,5 sagatda doly zarýad berip bolýar. Welosiped çakyşmagyň öňüni alýan sensorlar we ýelsiz tigirler bilen üpjün edilipdir. Welosipediň öndürilip başlanjak wagty mälim edilmedi.
Agasoltan TAGANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









