Dünýä Kubogy 2026-da soňky ýarym finalçy çempion Argentinanyň ýygyndysy boldy. Mundan öňki 2 tapgyrda bolşy ýaly, tangoçylara ýeňiş gazanmak ýeňil düşmedi. Kansas Sitide 74 ýyldan soň çärýek finala çykan Şweýsariýanyň ýygyndysy bilen duşuşan Argentinanyň milli topary 10-njy minutda Aleksis Mak Allisteriň goly esasynda öňe saýlandy. Bu goluň pasyny Lionel Messi berip, onuň Dünýä Kubogyndaky asistleriniň sany 10-a ýetdi. Ol bu görkezijä ýeten ilkinji futbolçy boldy.

Duşuşygyň 67-nji minutynda Dan Ndoýe hasaby deňledi. Ýöne 72-nji minutda Bril Embolo VAR-yň görkezmesi bilen 2-nji sary kartyny alyp, meýdançadan çykaryldy. Muňa garamazdan, duşuşygyň esasy wagty 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy.
Goşmaça 30 minutyň ilkinji 15 minutynda-da hasap üýtgemedi. 112-nji minutda Hulien Alwares owadan urgy bilen şu çempionatdaky ilkinji goluny geçirdi. 120+1-nji minutda Lautara Martines oýna soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan Argentinanyň ýygyndysy soňky 4 çempionatda 3-nji, umumylykda 7-nji gezek ýarym finala çykdy.
Argentinanyň ýygyndysy ýarym finalda Angliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.
PDF









