2P8XREK Sevilla, Spain. 09th Mar, 2023. Sevilla FC head coach Jorge Sampaoli during the UEFA Europa League match, Round of 16, 1st leg, between Sevilla FC v Fenerbahce Spor Kulubu played at Ramon Sanchez Pizjuan Stadium on March 9, 2023 in Sevilla, Spain. (Photo by Antonio Pozo/pressinphoto/Sipa USA)) Credit: Sipa US/Alamy Live News

Fransiýanyň çempionatynda “Renn” topary şowsuz netijelerden soň, argentinaly tälimçisi Horge Sampaolini wezipesinden boşatdy. Topar soňky 5 duşuşygynda-da ýeňlişe sezewar bolup, 16-njy orna çenli düşdi. 64 ýaşyndaky hünärmen geçen ýylyň noýabr aýynda “Renn” toparynyň tälimçiligine bellenipdi. Klub onuň tälimçiliginde 10 oýnuň 3-sinde ýeňiş gazanyp, 7-sinde  hem utuldy. Sampaoliniň ornuna Habib Beýe tälimçilige bellendi. 47 ýaşyndaky senegally hünärmen möwsümiň ahyryna çenli topara tälim berer. “Renn” topary 19 tapgyrdan 17 utuk bilen 16-njy orunda barýar.